+993 12 400212

korporatiw

Wiza

Umumy Maglumat

Bildirişler

Syýahat Saglygy we Howpsuzlygy Ätiýaçlandyryşy

>
Syýahat Saglygy we Howpsuzlygy Ätiýaçlandyryşy

Syýahat Saglygy we Howpsuzlygy Ätiýaçlandyryşy

 

  1. TÜRKİÝE WİZASY, SYÝAHATÇYLYK SAGLYGY WE HOWPSUZLYK ÄTİYAÇLANDYRYŞ SERTİFİKATY 
     
  2. TÜRKİÝE WİZASY, SYÝAHATÇYLYK SAGLYGY WE HOWPSUZLYK ÄTİYAÇLANDYRYŞY 

Türkiýe Wiza Syýahat Saglyk Ätiýaçlandyryşy, Türkiýä etjek syýahatyňyzda bolup biläýjek garaşylmadyk ýagdaýlara garşy,sizi gorag astyna alar.
Dynç alyşyňyzy ýa-da iň ownuk jikme-jikliklere çenli meýilleşdiren iş saparlaryňyzy has howupsyz we has ýakymly etmek üçin döredilen önümimiz bilen, syýahatyňyzda bolup biläýjek erbet garaşylmadyk ýagdaýlardan sizi goraýarys.
Ätiýaçlandyryşyňyz döredilenden soň, goldaw setirimize aňsatlyk bilen baryp bilersiňiz, syýahatyňyzda bolup biljek betbagtçylyk ýa-da kesel ýüze çykan halatynda derrew aşakda görkezilen hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz.

TÜRKİÝE WİZASY SYÝAHATÇYLYK SAGLYGY ÄTİYAÇLANDYRYŞY NÄMELERİ ÖZ İÇİNE ALÝAR ?
Türkiýä syýahat etjek raýatlaryň ähli çykdajylar yzyna tölemesiz, aşaky çäklendirmesiz üpjün edilýän syýahat saglyk ätiýaçlandyryşymyzyň çäkleri aşakdakylardyr;

•    Lukmançylyk Bejergisi we Pandemiýa
•    Organ Üýtgetmek (Tıbbı Nakil)
•    Bejergiden soň Ätiýaçlandyrlanyň Hemişelik Ýaşaýyş Jaýyna Gaýdyp Gelmegi
•    Maşgala Agzasynyň Ölmegi Sebäpli Yzyna Gaýtmagy
•    Bagaj Ýitmegi ve Zeperi
•    Ätiýaçlandyrlanyň Jaýlanyşyny Daşamak
•    Lukmançylyk Maslahaty
•    Gyssagly Habarlaryň İberilmegi
•    Ýurduna Gaýdyp Gelmegi 

•    Garaşylmadyk betbagtçylyk(awariýa), Ölüm we Maýyplyk
•    Şahsy 3 Adamlara Garşy Şahsy Jogapkärçilik
•    Wiza Reti
•    Syýahatyň Ýatyrylmagy


EMAA ÄTİYAÇLANDYRYŞ TÜRKİÝE WİZASY SYÝAHATÇYLYK SAGLYGY ÄTİYAÇLANDYRYŞYNYN ARTYKMAÇLYKLARY NÄME?
•    Türkiýä syýahatyňyz wagtynda, näsaglan bolsaňyz ýa-da şikes alsaňyz, Ätiýaçlandyryşyňyz; hassahana, operasiýa we bejeriş çykdajylary we lukman tarapyndan bellenen derman çykdajylary, aşaky çäk bolmadan/yzyna tölemeden, 60,000 ABŞ dollaryna çenli kepillendirýär.
•    Meýilleşdirilen uçuşlarda bagajyňyz ýitirilen, ogurlanan ýa-da zeper ýeten bolsa awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen möhletde (azyndan 21 gün) tapylmamasy halatynda ätiýaçlandyryş şertnamaňyzyň çäginde size 1000 ABŞ dollarynyň çäginde kompensasiýa(tazminat) tölener. (Pul, şaý-sepler, kredit kartoçkalary we islendik resminama kepillik bilen üpjün edilmeýär.)
•    Kesel ýa-da şikes ýeten ýagdaýynda, Tiz kömek we ýoldaş lukman bilen bilelikde iň ýakyn saglyk edarasyna äkidiler. Mundan başga-da, bejergiňizden soň hemişelik ýaşaýan ýeriňize transport çykdajylary hem tölenýär.
•    Kesel ýa-da şikes ýeten halatynda ätiýaçlandyryş kömekçi kompaniýasy gyssagly ýa-da zerur habarlaryň garyndaşlaryňyza iberilmegini üpjün edýär.

GYSDAGLY  ÝAGDAÝLARDA EDİLMELİ ZATLAR
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň çäginde adatdan daşary ýagdaý bar bolsa, aşakdaky sorag jogap gullugyna jaň edip, Emaa Sigortanyň adyndan hyzmat edýän kömekçi kompaniýadan 24 sagat boýunça goldaw alyp bilersiňiz.

+90 850 255 36 22  (Dil görnüşi bardyr)
Sorag Jogap gullugyna jaň edeniňizde;
•    Ady we familiýasy,
•    Ätiýaçlandyryş şertnamanyň nomeri we şertnamanyň gutarýan wagty
•    Size we ýerleşýän ýeriňize ýetmek üçin ulanyp boljak telefon belgisi
•    Meseläňiziň beýany we size zerur kömek hakda maglumat bermegiňiz ýeterlidir.
Kömekçi kompaniýa, zyýan ýeten halatynda talap ediljek resminamalar barada maglumat we görkezme berer. Şertnamalaýyn guramalar barada jikme-jik maglumat kömekçi kompaniýa tarapyndan berler we bu kompaniýa sizi ýerleşýän ýeriňize iň ýakyn saglyk merkezine ugrukdyrar.


+993 12 400212

© Gateway International Visa and Consultancy Services Inc.2023. Ähli hukuklar goralandyr.